ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY – ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary we hukuk goraýjy edaralary bilelikde Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet öýüniň mejlisler zalynda «Ýol-ulag hadysalary we olaryň öňüni almagyň ýollary» atly şygar bilen edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň düzgünlerini, kadalaryny düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

     Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň abadan, asuda, eşretli durmuşda ýaşamagy, şeýle hem raýatlaryň saglygyny goramak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen her ýylda geçirilýän biraýlyk hem şol işleriň hatarynda mynasyp orun eýeläp, ol esasan ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir. Ýol hereketinde sürüjileriň hem-de pyýada ýolagçylaryň ünsli bolmaklary, ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmekleri, sürüjileriň çagalar baglarynyň, mekdepleriň hem-de köpçülikleýin çäreler geçirilýän ýerleriň golaýyndan geçenlerinde kesgitlenen tizlik bilen hereket etmekleri, ene-atalaryň bolsa çagalaryny çagalar bagyna, mekdebe alyp gidenlerinde, olaryň ellerinden tutup, diňe pyýadalar üçin niýetlenen ýerlerden geçmekleri hökmanydyr.

     Halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy üçin aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowana ýollarda rowaçlyga beslensin!

 

Akmuhammet NAZAROW,

TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 3 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 23 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 36 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR