DURMUŞYMYZYŇ ASUDALYGY – DÖWLETIMIZIŇ ABADANLYGY

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi şäheriň Polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik gullugy bilen bilelikde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygyny yzygiderli geçirýär. Şeýle çäreleriň biri hem, şäheriň Magtymguly adyndaky 2-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda geçirildi.

     Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler köçe-ýol hereketiniň düzgünleri, degişli belgileri, pyýadalar üçin döredilýän şertler dogrusynda, köçe-ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny dogry berjaý etmekligi ündew edip, ýollarymyzyň ak bolmagyna we maşgalalarymyzyň abadançylygyna gönükdirilen bu ählihalk çäresiniň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, ýollarymyzyň asuda, abadan, parahat bolmagy üçin bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Aýperi ATAHALLYÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

15 Fewral 2025 | 1 okalan

KITAP – RUHY HAZYNA

15 Fewral 2025 | 1 okalan

«MEDENI MIRASYM – MÜDIMI MIRASYM»