ÝOL HEREKEDINIŇ KADALARYNY BERK BERJAÝ EDELIŇ!

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň hem-de Balkanabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň bilelikde gurnamagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde ýaşlaryň ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmeklerini gazanmak maksady bilen, Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşygyň dowamynda ýol herekediniň kadalaryny, şeýle hem ýol hereketiniň belgilerini düşündirip geçdiler. Çärä gatnaşyjylar halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy üçin uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş aýtdylar.

 

Gülnara SARYBAÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 79 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 68 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 55 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT