WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär.

     Şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň hem-de Balkanabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy bilen bilelikde gurnamagynda, 21-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda geçirilip, onda birnäçe çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly ählihalk çäresiniň ähmiýeti, onuň çäginde guralýan çäreleriň netijeliligini gazanmakda edilýän tagallalar dogrusynda giňişleýin gürrüň edilip, ýaramaz endikleriň täsirleri we sagdyn durmuş ýörelgeleri barada nygtaldy.

 

Rejepmämmet GAÝYPOW,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 79 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 68 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 55 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT