Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň babadaýhanlaryny halal zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almaga has-da ruhlandyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pagta ýygymyna beren ak patasyndan ruhlanan Balkan welaýatynyň ussat babadaýhanlary möwsüme baýramçylyk ruhunda, dabaraly ýagdaýda girişdiler. Şu mynasybetli welaýatyň Gyzlarbat etrabynyň ekerançylyk meýdanynyň golaýyndaky baýramçylyk meýdançasynda bolan dabarada aýdym-sazly çykyşlara, tomaşalara giň orun berildi.Welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlarynda ata Watanymyz, eşretli döwrümiz, daýhanyň päk zähmeti joşgunly wasp edildi. Baýramçylyk meýdançasyny şatlyk-şowhun gurşap alan çagynda dili senaly, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen berekedini bolluk bilen eçilen gowaça meýdanynda pagta ýygymyna dabaraly ýagdaýda badalga berildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bagtyýar halkyny täze zähmet üstünliklerine, ajaýyp ýeňişlere ruhlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, buýsançly başlary aman bolsun!
Sähragül IŞANOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň esasy hünärmeni.