Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan Türkmenbaşy etrabynyň harby-deňiz gornizonynda harby gullugy geçýän ýaş harby gullukçylaryň arasynda «Watan goragy – asudalygyň kepili» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda ýaş harby gullukçylarymyza watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, sagdyn-durmuş ýörelgelerini berjaý etmek we tertip-düzgün barada aýratyn nygtaldy. Ýurdumyzda harby gullukçylarymyz üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilýän mümkinçilikler dogrusyndaky çykyşlar has-da täsirli boldy.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.