Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň hem-de Bilim bölüminiň gurnamagynda Türkmenbaşy şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda, şol mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabara 1-nji synp okuwçylaryň ýerine ýetiren aýdymdyr goşgulary bilen başlady. Şeýle-de mekdebiň mugallymlarynyň we 1-nji synpa gadam basan çagalaryň ene-atalarynyň ýürek buýsançlary diňlenip, aýdym-sazly çykyşlara orun berildi.
Dabaranyň ahyrynda 1-nji synp okuwçylara hormatly Prezidentimiziň kompýuter sowgatlary gowşuryldy. Çagajyklar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýdyp, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.