GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaşlarda Watanymyza, milli gymmatlyklarymyza, medeni ýadygärliklerimize bolan söýgini has-da ösdürmek maksady bilen, gezelenç çäresi geçirildi.

     Ýaşlar gezelençde merdana pederlerimiziň asyrlar boýy döredip aňymyza siňen, özünde halkymyzyň durmuşyny, milli aýratynlyklaryny jemleýän gymmatlyklarymyz bilen giňişleýin tanyşdylar. Muzeýde milli gymmatlyklarymyzyň birnäçe saklanyp olary synlanyňda şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyz has-da artýar.

     Gezelenje gatnaşyjylar milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, wagyz etmekde, gorap saklamakda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

 

Mährijemal NYÝAZDURDYÝEWA,

TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň

şahamçasynyň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

KÖŇÜLLERIŇ NAZARGÄHI

07 Iýul 2025 | 22 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

07 Iýul 2025 | 22 okalan

AÝDYŇ GELJEGE TARAP