Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, 2115 harby bölümi, etrap bilim bölümi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde ýaş esgerleriň arasynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen ýaýbaňlandyrylan biraýlygy, şeýle-de Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi, ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda alnyp barylýan işleri düşündirmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Çärede täsirli çykyşlara orun berlip, olarda nygtalyşy ýaly, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen alyp barýan işleriniň biri bolup, ynsan ömrüne we saglygyna howp salyp biljek ýol-ulag hadysalarynyň döremezligini gazanmakda, onda bolýan heläkçilikleriň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir. Çykyşlaryň dowamynda ýurdumyzda her ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda uludan bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar, alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda bellenilip geçildi, hem-de agzybir halkymyzy bagtyýarlygyň gujagynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy.
Abat MÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.