SAGDYN JEMGYÝET – BERKARAR DÖWLET

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, etrap polisiýa bölümi, etrap jemgyýetçilik guramalary bilelikde bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda etrabyň 20-nji orta mekdebinde «Sagdyn jemgyýet – berkarar döwlet» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdiler.

     Duşuşykda ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgüni terbiýelemek, edep-ekramly, ahlak taýdan arassa, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak hem-de ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada täsirli çykyşlar edildi.

     Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Döwrandurdy ORAZDURDYÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Bereket etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

KÖŇÜLLERIŇ NAZARGÄHI

07 Iýul 2025 | 22 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

07 Iýul 2025 | 22 okalan

AÝDYŇ GELJEGE TARAP