MUZEÝDE GEÇEN GEZELENÇ

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny mynasyp dabaralandyrmak maksady bilen şäherimizdäki Balkan welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelenç çäresi geçirildi. Gezelençde talyp ýaşlar halkymyzyň asyrlar boýy döreden milli gymmatlyklary, däp-dessurlarymyz bilen bagly bolan eserleri synlap, olar baradaky degişli maglumatlary alyp, ýakyndan tanyş boldular. Nesilden-nesle geçip gelýän milli kesp-kär, sungat eserleri, maddy we medeni gymmatlyklarymyz oňa gatnaşanlarda unudylmajak täsirleri galdyrdy we şöhratly taryhymyza, gymmatlyklarymyza bolan buýsançlaryny has-da artdyrdy.

 

Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 79 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 68 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 55 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT