Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň, Balkan welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň kiçi mejlisler jaýynda ýaş nesilleriň ruhy joşgunyny, döredijilik ylhamyny, zähmete bolan söýgüsini has-da artdyrmagy, Watanymyza bolan buýsanjyny goşalandyrmagy dogrusynda ýaşlaryň ýürek buýsançlaryny beýan etmeklerini gazanmak maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.
Duşuşykda çykyş edenler Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine giň gerimli taýýarlyk işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alnyp, il sylagly ýaşulylaryň, dilleri senaly enelerimiziň, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjylarynyň, röwşen geljegimiz bolan ýaşlarmyzyň gatnaşmaklarynda geçirilýän Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, birek-birege hormat sarpasynyň ýokarydygynyň nyşanydyr diýip bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar zamanany peşgeş beren, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýtdylar.
Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.