Hormatly Prezidentimiziň «Dünýä taryhyna we medeniýetine gymmatly goşant goşup, taryhda nusgalyk yz galdyrýan halkyň nesilleri hökmünde siz ata-babalarymyzyň öwüt-nesihatlaryna, ynsanperwer ýörelgelerine pugta eýerip, milli medeniýetimize, aýdym-saz sungatymyza bolan söýgiňizi, buýsanjyňyz bilen dostlugy, ynsanperwerligi, bagtyýarlygy has-da yhlasly wasp etmelisiňiz.» diýen sözlerini baş maksat edinip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe we radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň zehinli ýetginjekleriniň gatnaşmagynda «Meniň sesim» atly aýdym-sazly telegepleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi. Aýdym-sazly telegepleşigine Balkan welaýatyndan hem ýetginjekler gatnaşdylar we indiki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.
Baýramgül HEMRAÝEWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.