Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmakda, olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Wagyz-nesihat duşuşyklarydyr, söhbetdeşlikler giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň etrap merkezi kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen döredijilik duşuşygy hem täsirli boldy. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda geçirilen duşuşyk «Kitap bilen açalyň biz dünýäni» diýlip atlandyrylyp, oňa Wekilbazar etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.
Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda bagtyýar ýaşlary kitaphanalara giňden çekmekde we olarda kitaba bolan çuň höwes döretmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň guramagynda geçirilýän çäreleriň ähmiýetlidigini nygtap, kitabyň ynsana öwüt-nesihat berip, dogry ýol görkezýän dostdugy, her kitabyň özünde aýratyn bir manyny saklap, onuň iň gowy söhbetdeşdigi, kitabyň kömegi bilen biziň dürli döwürlere, göwünlere syýahat edip bilýändigimiz dogrusynda täsirli söhbetler edildi.
Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir eseriniň türkmen ýaşlary üçin nusgalyk mekdepdigi hem-de ýol görkeziji şamçyragdygy baradaky çykyşlara aýratyn ähmiýet berildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar zamanamyzda okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Döwlet BAÝRAMOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.