ŞANLY GARAŞSYZLYGYMYZYŇ 33 ÝYLLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANDY

     Şu günler ýurdumyzyň baş baýramy bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde aýdym-sazly çäreler, dabaraly maslahatlardyr, baýramçylyk duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreler biziň welaýatymyzda hem giň gerime eýe bolýar.

     Ýaňy-ýakynda «Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy» ady bilen Mary şäheriniň «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezide aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilelikde guradylar. Talyplaryň, mugallymlaryň we öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk dabara şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna bagyşlandy.

     Gyzykly baýramçylyk dabarasynyň başynda çykyşlara orun berlip, olarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen baky bagty, geçen taryhy döwrüň içinde ýurdumyzyň ýeten beýik derejesi we gazanan üstünlikleri dogrusynda ýürek joşduryjy söhbetler diňlenildi.

     Soňra Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň taýýarlan adym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, ata Watanymyzy we şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny wasp edýän çykyşlar dabaranyň şowhunyny has hem artdyrdy.

     Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Berkarar Watanymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Resul BAÝRAMOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 0 okalan

BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ÇAGALARY

08 Iýul 2025 | 19 okalan

ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI

08 Iýul 2025 | 14 okalan

ÖSÜŞLI MENZILLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY