ÝOLLAR ABAT – ILLER ABADAN

     Golaýda şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap bilim hem-de Polisiýa bölümleriniň bilelikde guramagynda Ýolöten etrabynyň 31-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň etrap Geňeşiniň işgärleri hem-de işjeň agzalary, bilim ulgamynyň we polisiýa bölüminiň wekilleri hem-de ady agzalan orta mekdebiň okuwçylarydyr, mugallymlary gatnaşdylar. Duşuşykda täsirli çykyşlar edildi.

     Çykyşlarda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly ählihalk çäresiniň dabaraly geçirilmegi, ýollarymyzyň asuda bolmagyny, maşgalalarymyzyň abadançylygyny, köçe-ýollarymyzyň howpsuzlygyny gazanmak dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Duşuşygyň dowamynda guramaçylar tarapyndan okuwçylara köçe-ýol hereketiniň düzgünleri bilen bagly sowallar berildi.

     Şeýle hem täsirliligi bilen tapawutlanan duşuşyga gatnaşanlaryň her biri güneşli Diýarymyzda bagtyýar ýaşlarymyza yhlasly okamaga, bilim almaga, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Uzukjemal BAÝSÄHEDOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 6253 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 2006 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 4193 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR