WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly ählihalk çäresi bilen bagly terbiýeçilik ähmiýetli maslahatlardyr, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär.

     Şeýle çäreleriň biri, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň, etrap bilim hem-de etrabyň Polisiýa bölümleri bilen bilelikde guramagynda hem geçirildi. «Ýollar asuda - iller abadan» ady bilen geçirilen duşuşyk etrabyň 40-njy orta mekdebinde geçirilip, oňa ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdylar.

     Duşuşykda ýol hereketiniň düzgünlerine we pyýadalaryň wezipelerine aýratyn ähmiýet berildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty hem-de ýerüsti geçelgeleriň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýändigi, şunuň bilen baglylykda, hereketi düzgünleşdiriji we kadalaşdyryjy enjamlaryň bolmagynyň sürüjilere hem-de pyýadalara hereket etmekde amatly şertler döredýändigini buýsançly bellediler. Her ýylyň 1-30-njy sentýabr aýynyň dowamynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly ählihalk çäresiniň ähmiýetiniň örän uludygy barada, çykyşlarynyň dowamynda aýratyn nygtaldy.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýollarymyzyň abadan, ömrümiziň rahat bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mukam SALAROW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 6253 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 2006 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 4193 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR