MILLILIK-MILLETIMIZIŇ BUÝSANJY

     Golaýda ene-mamalarymyzdan gelýän millilik hakyndaky düşünjeleri we keşdeçilik sungatynyň ähmiýetini gelin-gyzlarymyza ýetirmek, şeýle hem ýaşlaryň hünär taýdan taýýarlygyna ýardam bermek we milli däp-dessurlarymyza, milli el işlerimize söýgi döretmek maksady bilen, Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezinde aýdym-sazly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen çärä talyp gyzlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

     Aýdym-sazly dabaranyň barşynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmek we ösdürmek ugrunda möhüm işleriň alnyp barylmagy, sungat derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň we keşdeçiligiň gadyr-gymmaty hakynda buýsançly çykyşlar edildi. Çykyşlarda türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigine aýratyn üns çekildi, şeýle hem talyp gyzlar sünnälenip elde çekilýän keşdeleriň waspyny aýdym-sazlaryň üsti bilen giňişleýin beýan etdiler. Bu bolsa, çäräniň täsirini has-da artdyrdy.

     Çäräniň ahyrynda milli däp-dessurlarymyzy geljekki nesillere ýetirmäge we el işlerimizi döwrebap görnüşde dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Mähri SAPAROWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 69 okalan

GADYMY TARYHYM — HAZYNA-GENJIM

20 Noýabr 2025 | 55 okalan

SPORT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

18 Noýabr 2025 | 78 okalan

TEBIGAT WE BIZ