Golaýda Sakarçäge etrabynyň «Alkyş» toý mekanynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara Sakarçäge, Baýramaly etrap häkimlikleri, TMÝG-niň Sakarçäge, Baýramaly etrap Geňeşleri hem-de etrabyň beýleki iri jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralyp, oňa etrabyň il sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy işgärler, şeýle-de ýaşlar gatnaşdylar.
Baýramçylyk çäresinde Garaşsyzlygyň ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet bolmak barada eden arzuwlarynyň hasyl bolmagyna, gadymdan gelýän maddy we ruhy gymmatlyklarymyzyň dowam etdirilmegine mümkinçilik berendigi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň has-da belent sepgitlere ýetýändigi dogrusynda buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Şeýle-de dabarada çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň parahat durmuşda bagtyýar ýaşaýandygyny hoşallyk bilen bellediler.
Dabarada etrabyň medeniýet işgärleriniň şowhunly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Etrap medeniýet öýüniň bagşydyr sazandalary, tansçylary joşgunly çykyş edip, tomaşaçylara şatlyk-şowhun paýladylar. Ýaňlanan aýdymdyr sazlarda bagtyýar Watanymyza, ajaýyp döwrümize bolan buýsanç duýgulary özüniň mynasyp beýanyny tapdy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli ýerine ýetirilen çeper okaýyşlar has-da täsirli boldy. Tansçylaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren tanslary tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ajaýyp zamanamyzda halkymyzyň parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Merdan BEKMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.