Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň, Sakarçäge etrabynyň Bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 1-nji sport mekdebinde sportuň futbol görnüşi boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Mary şäheriniň 6-njy sport mekdebiniň hem-de Sakarçäge etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň futbol toparynyň arasynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygy ýörite düzülen meýilnama esasynda geçirilip, çekeleşikli häsiýete eýe boldy.
Geljegine uly umyt bildirilýän futbolçylar gyzykly oýnuň dowamynda dürli tilsimleri ýerine ýetirdiler. Türgenler garşydaş toparyň derwezesinde birnäçe amatly pursatlary döretdiler we ýaryşa ykjam taýýarlykly gelen türgenler işjeň häsiýetde geçen oýunda ençeme utuklary gazandylar.
Köp ýyllardan bäri ussat türgenleri ýetişdiren tälimçileriň taýýarlamagynda erjellik, dogumlylyk, tutanýerlilik ýaly häsiýetleri özünde kemala getiren ýetginjekler bu ýaryşa taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Janköýerleriň şowhunyna, elçarpyşmalaryna mynasyp bolan türgenler özleriniň mümkinçilikleriniň örän ýokarydygyny ýene bir ýola subut etdiler.
Bu futbol ýaryşynda ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, şeýle hem ýaş zehinleriň beden we ruhy taýdan kämil kämilleşip, ussat futbolçylar bolup ýetişmegi babatynda möhüm ähmiýete eýedir.
Sport çäresiniň ahyrynda türgenler we janköýerler ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Çynar HOŞGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.