Häzirki günler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we ony ilat arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen geçirilýän çäreler biziň welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen maslahat duşuşygy hem asyrlardan aşyp gelýän ýörelgelerimiziň kämil mekdebi bolan Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetine bagyşlandy.
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty – täze eýýamyň belent maksatlary» ady bilen geçirilen duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi, welaýat kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurap, oňa TMÝG-niň Mary welaýat, etrap, şäher Geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalary, dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar ýaşlar, kitaphanaçylar şeýle hem talyp ýaşlar uly ruhubelentlikde gatnaşdy.
Işjeň häsiýetde geçen maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeler we bu umumymilli forumyň taryhy ähmiýeti dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda halkymyzyň «Agzybirlik döwletliligiň altyn açarydyr» diýen pähiminiň dowamat-dowamdygyny aýdyňlygy bilen görkezýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrülendigi, bu mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşlarynyň halkymyzy, ylaýta-da türkmen ýaşlaryny diýseň buýsandyrandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Şeýle hem maslahat duşuşygyna gatnaşanlar ata Watanymyzy ösüşleriň ak ýolundan barha öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maksat JANMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.