«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Garagum etrabynyň «ak altynly» meýdanlarynda pagtany ýitgisiz ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Şu jogapkärli möwsümiň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň işgärleri hem güýz paslynyň bereketli hasylyny ýygnamaga işjeň gatnaşyp, pagtaçy kärendeçileriň, pagta ýygymyna işjeň gatnaşýan ýygymçylaryň günortan arakesme wagtlarynda olaryň “armasyny” ýetirip durýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, golaýda Garagum etrap häkimliginiň, TMÝG-niň Garagum etrap Geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda aýdym-sazly dynç alyş çäresi geçirildi. Etrabyň Ak altyn daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde pagta hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak, şeýle-de, pagta ýygymynda zähmet çekýän mehanizatorlaryň, kombaýnçylaryň we kärendeçileriň günortan arakesme döwründe medeniýetli dynç almaklaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen geçirilen çäre «Armaweriň, pagtaçylar!» diýlip atlandyryldy.
Dynç alyş çäresinde bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary onuň şowhunyny has hem artdyrdy. Çäräniň dowamynda öňdebaryjy mehanizatorlar, ussat kärendeçiler we ýygymçylar jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Ruhubelentlige beslenip geçirilen çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň her biri türkmen halkynyň döwletli döwranda ýaşamagy ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýtdylar.
Ýazmyrat ANNAGURBANOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.