Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda gyz-gelinlerimize aýratyn sarpa goýlup, olaryň keşde çekilen lybaslarynyň, bezeg şaý-sepleriniň aýratynlygyna, esasan hem, milli geýinmek medeniýetine uly üns berilýär. Şu jähetden, milliligimiziň sarpalanýan döwründe gelin-gyzlarymyzyň arasynda edim-gylymlarymyzy we ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek, olarda zähmetsöýerligi, maşgala ojagyna wepalylygy terbiýelemek boýunça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, etrap, şäher Geňeşleri tarapyndan geçirilýän çäreler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.
Şeýle çäreleriň biri, golaýda Wekilbazar etrabynyň Hakykat geňeşliginiň Kümüş obasynyň ýaşaýjysy Tylla Atageldiýewanyň maşgalasynda geçirildi. Wekilbazar etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik duşuşygy «Hünärim bar –hormatym bar» diýlip atlandyryldy.
«Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan» ugur alyp, bagtyýar ýaşlarda milli däp-dessurlarymyza we ene-mamalarymyzdan gelýän el işlerine söýgi, şeýle hem kümüş şaý-sepiniň ýasalyş tilsimlerini halk köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen, geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlara giň orun berildi.
Söhbetdeşlikde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň döwlet ýolbaşçylygynda milli mirasymyzy öwrenmek we ösdürmek ugrunda möhüm işleriň alnyp barylmagy, sungat derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň we kümüş şaý-seplerimiziň gadyr-gymmaty, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň döreden ajaýyp el işi bolan gadymy kürtäniň nepisligi we milli şaý-sepleri dogrusynda buýsançly çykyşlar edildi. Duşuşygyň dowamynda kümüşçi zenan Tylla Atageldiýewanyň kümüş şaý sepiniň ýasalyş tilsimlerini we bezeg aýratynlygyny görkezmegi, gyzlaryň el işlerini ýerine ýetirmegi çäräniň täsirini has-da artdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli däp-dessurlarymyzy dikeldip, ony geljekki nesillere ýetirmäge we el işlerimizi döwrebap görnüşde dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Hajar GARRYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilazar etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.