«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredip, zähmet üstünliklere ruhlandyrýar. Şeýle wakalaryň biri hem, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisidir. Maslahatda kabul edilen ilhalar çözgütler ulus-ilimiziň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy. Şonuň bilen baglylykda, häzirki günlerde geçirilýän dabaraly maslahatlar welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde giňden dabaralanýar.
Golaýda şeýle dabaraly çäreleriň biri «Halk bähbitli çözgütler – bagtyýar döwrümiziň kepilidir» ady bilen Ýolöten etrabynyň Talhatanbaba oba medeniýet öýünde-de geçirildi. Ýolöten etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat diýseň täsirli boldy. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim we saglygy goraýyş edaralaryň wekilleri hem-de bagtyýar ýaşlar gatnaşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipelere bagyşlanyp geçirilen maslahatda çykyşlaryň birnäçesi diňlenildi. Çykyşlarda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly çykyşlarynyň taryhy ähmiýeti, ata Watanymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň we türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň derwaýys meseleleri boýunça kabul edilen çözgütler dogrusynda durup geçildi.
Işjeň ýagdaýda geçen maslahatyň dowamynda ösüşlere barýan ýoluň aýdyň menzillerini kesgitläp berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.
Jennet ORAZOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.