Düýn şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de şäher bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda Baýramaly şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 18-nji orta mekdebinde, şol mekdebiň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan netijeler we öňde durýan wezipeler dogrusyndaky çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda Halk Maslahatynda kabul edilýän çözgütleriň, öňde goýulan wezipeleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de gülletmäge we ösdürmäge, şeýle hem gazanylýan ösüşleri halkymyzyň bagtyýar, eşretli, abadan durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gönükdirilendigi barada buýsançly bellenildi. Bu bolsa, çärä gatnaşanlaryň watançylyk ruhuny has-da belende göterdi.
Ruhubelentlikde geçen duşuşygyň ahyrynda baky bagtyýarlygy, ajaýyp durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Aýsona GELDIMYRADOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.