Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hususan-da, körpe nesilleriň sagdynlygy we kämil ösüşi aýratyn aladalar bilen gurşalýar. Şu nukdaýnazardan, çagalaryň dünýägaraýşynyň ösmeginde gezelençleriň, tebigat bilen tanyşlygyň, terbiýeleýji ähmiýetli oýunlardyr, bäsleşikleriň uly orny bardyr. Ýaňy-ýakynda Murgap etrabynyň 1-nji çagalar bagynda guralan surat çekmek boýunça bäsleşigi hem has täsirli boldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň 1-nji çagalar bagynyň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige şol çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar.
Bäsleşigiň başynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda körpe nesillerimiziň ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly ýaşlar bolup ýetişmegi, olaryň aň-bilim taýdan ösmegi we terbiýesi üçin ähli şertleriň döredilýändigini buýsanç bilen belläp, bäsleşige gatnaşýan körpelere şowlulyk arzuw edildi.
Soňra körpeler bagtyýar çagalygy, ajaýyp tebigatymyzy, haýwanat dünýäsini wasp edýän suratlary çekmekde özara bäsleşdiler. Emin agzalary bagtyýar çagalaryň surat eserlerinde ulanan reňkleri, onuň many-mazmuny bilen tanyş boldular. Dürli reňkler bilen ýerine ýetirilen surat eserleri, körpe nesliň çagalyk dünýäsine täsin başdan geçirmeleri bagyş eýledi. Şeýle çäreler körpeleriň pikirleniş örüsiniň giňemegine, döredijilik ukybynyň ösmegine uly şertleri döredýär.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren, çagalaryň döredijilik bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Atageldi GURBANOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Murgap etrap Geňeşiniň başlygy.