AHLAK ARASSALYGY ÜNDELDI

     Ýaňy-ýakynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň 28-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Ahlak arassalygy – ruhy tämizlik» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli dabaralanmagy hem-de ýaşlar hakynda edilýän bimöçber aladalary, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňişleýin wagyz etmek maksady bilen guralan duşuşygynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar barada berýän öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän orny, «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň  2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilişi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

     Duşuşygyň dowamynda söz mülküniň hökmürowany, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlary we goşgy setirlerinde beýan edilýän edep-terbiýe kadalary, sagdyn-durmuş ýörelgeleri, arassa ahlaklylyk hem-de ruhy tämizlik dogrusynda ýerine ýetirilen çykyşlar bolsa, çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar özleri üçin edilýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

 

Oraz ANNAÝAROW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 6212 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 1994 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 1894 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR