HATYRA GÜNI MYNASYBETLI GEZELENÇ GURALDY

     Ýaňy-ýakynda Hatyra güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda gezelenç çäresi geçirildi. Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guralan gezelenje muzeý işgärleri, talyp ýaşlar, hem-de dürli ulgamda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.

     Gezelenjiň barşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda öten-geçenlerimizi ýatlamak däp-dessuryna aýratyn sarpa goýulýandygy, merhumlarymyzy ýatlamak däbiniň halkymyzyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetendiginiň we munuň ynsanperwerlikden, belent adamkärçilikden nyşandygyny buýsanç bilen bellediler. Gezelenjiň dowamynda çärä gatnaşanlar muzeýiň dürli bölümlerinde ýerleşdirilen eksponatlar bilen tanyş boldular. Bu bolsa olarda merdana pederlerimize bolan buýsançlaryny, ata Watanymyza bolan beýik söýgülerini has-da artdyrdy.

     Gezelenjiň dowamynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, buýsançly geçmişimizi wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Maksat BÄŞIMOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň  sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 6212 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 1994 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 1894 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR