Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda öten-geçenlerimizi hatyralamak we olaryň ruhlaryny şat etmek halkymyzyň ençeme asyrlardan bäri dowam edip gelýän ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda asylly däbine eýerýän türkmen halkymyz milli senenamamyza laýyklykda, her ýylyň 6-njy oktýabrynda ähli pajygaly söweş meýdanlarynda wepat bolanlar şehitlerimizi hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde merhum bolanlary hormat bilen ýatlaýar, olary hatyralaýar.
Şu gussaly senäni hatyralap, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda « Mertler ýüreklerde baky ýaşaýar» ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Hatyra gününe bagyşlanyp guralan duşuşyga, kalplary «Watan» diýen beýik düşünjäni özlerine hemra edinen bagtyýar ýaşlar gatnaşdy.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halkymyzyň hakydasynda müdimilik orun alan ynsanperwerlik, döwletlilik we sahawatlylyk ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändigi, şunuň bilen baglylykda, ata Watanymyzyň her daban ýeri üçin şirin janyny orta goýup, gahrymançylygyň, edermenligiň we gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezen gerçeklerimiz we öten-geçenlerimiz hormat bilen hatyralanýandygy dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň, kyblasy Mälikguly aganyň gahrymançylyga, watansöýüjilige ýugrulan ömür ýollarynyň şu günki we geljekki nesiller üçin terbiýe mekdebidigi baradaky buýsançly gürrüňler çykyşlarynyň özenini düzdi.
Şeýle hem çykyşlaryň her birinde ata Watanymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ynsanperwer maksat-tutumlara beslenen nurana ýollaryndan geljege tarap ynam öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.