Düýn şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda Tagtabazar etrabynyň 1-nji sport mekdebinde woleýbol boýunça bäsleşik geçirildi. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyny gazanmak hem-de olary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen guralan bäsleşige ady agzalan sport mekdebinde tälim alýan okuwçylar gatnaşdy.
«Dostluk» hem-de «Agzybirlik» toparlarynyň özara bäsleşmegi esasynda geçirilen ýaryşyň başynda guramaçylar tarapyndan oňa gatnaşýan toparlara şowlulyk arzuw edildi. Soňra ruhubelent ýaşlar sportuň woleýbol görnüşi boýunça özara bäsleşdiler. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan bäsleşige birkemsiz taýýarlykly gelen maksada okgunly ýaşlar ýokary netijeleri görkezdiler we bäsleşigiň netijesi boýunça «Agzybirlik» topary ýeňiş gazandy. Olaryň bu ýeňşi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgelere eýerýändiklerine şaýatlyk etdi.
Bäsleşikde ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem türkmen sportuny dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy.
Wepa BERDIGYLYJOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Tagtabazar etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.