Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ilat arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Ýo.Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda «Halk maslahaty – beýik işleriň rowaçlanmasy» diýen şygar bilen geçirilen duşuşyga oňa TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlar, muzeý işgärleri, şeýle hem talyp ýaşlar uly ruhubelentlikde gatnaşdy.
Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy ähmiýeti we bu umumymilli forumdan gelip çykýan wezipeler dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi.
Çykyş edenler «Geňeşli il – salamat» diýip nygtaýan ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mynasyp dowam etdirilýändigi, şunuň bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrülendigini buýsanç bilen bellediler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşlarynyň ähmiýeti dogrusyndaky joşgunly gürrüňler çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşleriň ak ýolundan ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Myrat HANOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.