Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň, Döwlet gümrük gullugynyň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde tassyklanan meýilnamasy esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynyň dowamynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler jaýynda, ady agzalan institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän biraýlygyň çäklerinde bilim edaralarynda, ýokary okuw jaýlarynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça maslahatlary, wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini ýokary derejede guramagyň bilim işgärleriniň öňünde möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygy, şeýle hem ýolda ýöremegiň, ulagy dolandyrmagyň düzgünlerini berjaý etmekligiň öz ömrümiziň hem-de tutuş jemgyýetimiziň howpsuzlygyna goşandymyz bolýandygyny belläp, ýurdumyzda hereket edýän kanunlaryň, kodeksleriň we kadalaşdyryjy hukuknamalaryň Türkmenistanda ýaşaýan ýaşaýjylaryň bähbitlerine laýyklykda kabul edilýändigi barada aýdyp geçdiler. Çykyşlarda bellenişi ýaly, bu biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde guramaçylykly we täsirli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada we sürüjiniň wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän tagallalaryň biridir. Sebäbi, asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy bagtyýar hem-de eşretli ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Nurmuhammet DÖWLETOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.