KALBYMA ÝAZ GELER, DILIME JOŞGUN – ÜLKÄM GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLANDA

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda eziz Watanymyz uly ösüşlere besleýär. Bu gün türkmeniň asyrlarboýy arzuwlan Garaşsyzlygy abadançylygyň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň, döwlet berkararlygynyň nyşany bolup öwşün atýar.

     Garaşsyzlyk bu bereketli toprakda el-ele berip agzybir ýaşaýan halkymyzyň durmuşynda iňňän möhüm ähmiýetli syýasy wakadyr. Döwletimiz Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, ýurdumyz ilkinji nobatda içeri we daşary syýasatyny hem-de döwletliligiň milli ýörelgelerini özbaşdak işläp düzmäge, ynamly ösdürmäge, demokratik hukuk döwletini we raýat jemgyýetini esaslandyrmaga doly hukuk gazandy.

     Şunuň bilen baglylykda, bu gün şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi hem-de Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Kalbyma ýaz geler, dilime joşgun – ülkäm Garaşsyzlyk toýun toýlanda» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dürli ulgamda zähmet çekýän ýaşlaryň, talyplaryň, bilim ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada birnäçe çykyşlara orun berlip, çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler dogrusynda buýsanç bilen bellenildi. Talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan baýramçylyk aýdym-sazlary bolsa dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Çäräniň ahyrynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalar edýän, halkyny röwşen geljege, ýagty menzillere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi.

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet

we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar