GARAŞSYZLYK – BAGTYÝARLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ GIREWI

     Ýakynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Berkararlyk etrap polisiýa müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk – bagtyýarlygyň we rowaçlygyň girewi» atly şygary bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi.

     Dabara Berkararlyk etrap häkimligine degişli bolan edara kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanan konsertde Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz Diýarymyzy wasp edýän aýdymlar, goşgulardyr çeper okaýyşlar, şeýle hem milli we daşary ýurt tanslar ýerine ýetirilip, tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Konsertiň ahyrynda halkymyzy döwletli döwranda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdyldy.

 

Gülnar ÇARYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Dekabr 2024 | 5 okalan

EZIZ DIÝARYMYZYŇ EZBER ÝAŞLARY

02 Dekabr 2024 | 23 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

30 Noýabr 2024 | 49 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI