Ýakynda Türkmenbaşy Jins toplumynyň Magtymguly adyndaky Ilkinji ýaşlar guramasynyň gurnamagynda, şol toplumda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyşlara giň orun berlip, olarda bellenilişi ýaly, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanyp, berk bedenli, sagdyn ruhly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri kemala getirmek, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň berk binýadyny goýmak ugrunda nesilleriň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ýaýbaňlandyryp, ýokary netijeli sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda il-ýurt bähbitli bu asylly işe mynasyp goşant goşmagyň jemgyýetiň her bir agzasynyň mukaddes borjudygy aýratyn nygtaldy. Şeýle hem ýurdumyzda dowam edýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň ähmiýeti dogrusynda aýratyn beýan edildi. Çykyşlaryň her birinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan beýik işlerinde üstünlikler arzuw edildi.
Batyrgeldi MYRADOW,
Türkmenbaşy Jins toplumynyň Magtymguly
adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.