TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

     Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk, Köpetdag etrap Geňeşleriniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň biri bolan, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi mynasybetli, «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

     Onda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşynda Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňümizde goýan wezipeleri, şeýle hem ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edendigi dogrusynda söhbet edilip, ýaşlar guramasynyň bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde alyp barmaly işleri barada buýsançly çykyş etdiler. Çykyşlaryň her birinde ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny beýan etdiler.

 

Orazgül ÇARYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Oktýabr 2024 | 4 okalan

BIR BELENT YKBAL SEN, ILLERE BEDEW

18 Oktýabr 2024 | 3 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

15 Oktýabr 2024 | 34 okalan

BEÝIK ÖSÜŞLERDEN GALKYNÝAN WATAN