TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – GEŇEŞLI ILIŇ DÖWLETLI ÝOLY

     Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Magtymguly etrap birleşigi bilen bilelikde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – geňeşli iliň döwletli ýoly» ady bilen etrabyň 19-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

     Duşuşykda çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde öňde goýulan wezipeleriň, kabul edilen çözgütleriň ýurduň mundan beýläk-de ösmegine güýçli itergi berjekdigini bellediler. Maslahatda Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly adyna mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine hem-de dürli ulgamlarda çeken asylly zähmeti, ýaşlary watançylyk, halkymyzyň belent ruhy-ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýeländikleri üçin «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolanlara sylaglaryň gowşurylmagynyň, «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ada mynasyp bolanlary sylaglamagynyň aýratyn buýsandyryjy bolandygyny bellemek bilen, mähriban halkymyzyň abadan durmuşy barada edýän ýadawsyz aladalary üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

 

Mämmet MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

KÖŇÜLLERIŇ NAZARGÄHI

07 Iýul 2025 | 22 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

07 Iýul 2025 | 22 okalan

AÝDYŇ GELJEGE TARAP