Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi etrap jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, etrabyň Medeniýet öýüniň mejlisler jaýyndaÝaşulularyň halkara güni mynasybetli, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, mekdep okuwçylaryň şeýle-de il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň gatnaşmagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Turuwbaşdan şowhuna beslenen dabaranyň barşynda hormatly ýaşulularymyz, mährem enelerimiz Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli gutlanyp, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Soňra baýramçylygyň şanyna etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.