DABARALY GEÇEN BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI

     Bu gün Balkan welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli edara kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, il sylagly ýaşulularyň we kümüş saçly eneleriň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar dabarany özboluşly şatlyk-şowhuna besledi. Dabarada birnäçe çykyşlara orun berlip, çykyş edenleriň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň kämil ýörelgeleriniň biri-de ulyny sylamak, ýaşulusyna sala salyp, her bir işde şolaryň maslahatyna, nesihatyna eýermek däbidir. Munuň özi Ýaşulularyň halkara gününiň jebisligimizi, agzybirligimizi we rowaçlygymyzy has-da pugtalandyrmakdaky, nesilleri zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemekdäki ornuny ýokarlandyrýar. Şonuň bilen birlikde, parahat, abadan, bagtyýar durmuşymyzy hem dabaralandyrýar. Jebisligimizi we agzybirligimizi pugtalandyrmakda, ata-babalarymyzyň zähmetsöýerlik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde, ähli gujur-gaýratyny mähriban Watanymyzyň berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga bagş etjek ýaş nesillerimizi terbiýelemekde ýaşulular biziň daýanjymyz bolup durýar.

 

Oguljeren ÇENDIROWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR