ERKANA GANAT ÝAÝÝAN, DAG GUŞLARYŇ OWADAN

     Başy garly, buýsançly, belent daglaryň gözel tebigaty, haýwanat dünýäsi, has takygy guşlary hakynda aýdylanda ussat Şahyryň :

“Sahy eken dostlar dag tebigaty,

Bagyş edipdir oňa ajap zynaty.”

     - diýen jaýdar belleýän setirleri seriňe gelýär. Bu goşgyda dag guşy bolan käkiligiň waspy ýetirilýär. Şeýle waspy ýetirilýän gözel görnüş diňe bir käkilik guşuna mahsus bolman eýsem dagda ýaşaýan beýleki görnüşleriň wekillerine hem mahsusdyr. Dagyň sergin howasy, öwüsýän arassa mymyk şemaly, durna gözüne deňelýän dury çeşmeleri, täsin keşbe we reňke eýe bolan dag jynslary, baý ösümlik dünýäsi gaýtalanmaýan tebigat eserini bilelikde emele getirýärler. Şeýle ajaýyp keşbiň äheňini bu ýerde ýaşaýan jandarlarda hem görmek bolýar. Biologiki nukdaýnazardan alnanda hem islendik bir gurşawda ýaşaýan jandarlaryň daşky keşbi olaryň ýaşaýan ýerlerine köplenç çalymdaş bolýar. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän daglarda ýaşaýan guşlar hem täsin daşky görnüşi, biologiki aýratynlygy, dünýä ýüzünde seýrek jandar bolmaklygy bilen tapawutlanýar.

     Ýurdumyzyň daglarynyň bezegi Bürgüt guşy Uly we Kiçi Balkan daglarynda, Köpetdagda, Köýtendagyň çäklerinde duşýar. Bu guş örän wepaly guş hasaplanylýar. Olar şol bir höwürtgeleýän ýerlerinde höwürtgeleýärler. Haçanda olaryň ýaşaýan ýerlerinde iýmit ýetmezçiligi bolanda, ýaşamaklyk mümkinçiligi has az bolanda hem göçüp gitmeýärler. Esasan hem köne galalarda, sazaklaryň üstünde, gaýalaryň çykgytlarynda höwürtgeleýärler. Olar adatça höwürtgelerinde 2 seýrek ýagdaýda 3 ýumurtga goýýarlar, 45 gün töweregi geçenden soňra çalymtyk goňras reňkde ýumşajyk ýelekler bilen örtülen jüýjeleri dünýä inýär.

     Çypar baş laçynlar, başgaça bu guşlara şunkar guşlary hem diýilýär. Bu guşlara ýurdumyzyň orta belentlikdäki dagyň eteklerinde duşmak bolýar. Esasanam bu guşlaryň aýratynlygy bir guran höwürtgelerini uzak ýyllaryň dowamynda jüýjelerini idetmeklikde peýdalanýarlar. Olar höwürtgeleri guranlarynda suwuň we iýmitiň bol ýerlerini saýlap alýarlar. Köplenç gizlin ýerlerde gün şöhlesiniň düşmeýän ýerlerinde gurýarlar. Höwürtgelerine 3 ýa-da 5 ýumurtga goýup, olardan 28-30 günden soňra jüýjeleri çykýar. Bu guşlar ornitofaglaryň wekilleri hasaplanylýar.

     Köpetdagyň eteklerinde duşýan Hindi laçyny hem täsin guşlaryň hataryna girýär. Olar esasan oturymly ýaşaýan guşlar hasaplanylýar. Höwürtgelerini aprel maý aýlarynda gurýarlar. Ownuk gemrijiler we kiçi guşlar bilen iýmitlenýärler.

     Täsin reňklere eýe bolan Jennet siňekçisini Köýtendagyň suwly jülgelerinde görmek bolýar. Olar demir ýalpyldyly gara hüpügi, ýagyrnysynyň açyk reňki, uzyn we aşaklygyny gaňrylyp gidýän gyzgylt guýrugy bilen tapawutlanýar. Horazlaryň guýrugynyň ortaky bölegi has hem uzyn bolýar.

     Daglaryň gaýlarynda arçalyk ýerleriň ýokarky böleklerinde, dag üstündäki tekizlikleriň gyralarynda mesgen tutýan täsin keşbe eýe bolan Sakally garaguşlardyr. Bu guşlar esasan Merkezi we Günbatar Köpetdagda, Köýtendagda duşýarlar. Olaryň höwürtgelerini uçut gaýalaryň ýüzündäki deşiklerde, kert gaýalarda görmek bolýar.

     Gaýalaryň kert ýerlerinde, depeliklerde we daglaryň arçalyk ýerlerinde duş gelýän guşlaryň biri bolan Hüwülerdir. Olar alagaraňkylyk aralaşanda has işjeň bolup, üýtgeşik sesleri çykarýarlar. Esasan bu guşlar gemrijiler, kirpiler we beýleki käbir guşlar bilen iýmitlenýärler.

     Daglarda duşýan guşlaryň biri hem Sähra göwenegidir. Olary esasan höwürtgeleýän wagtlarynda Köpetdagyň çäklerinde we Köýtendagda görmek bolýar. Olar topar bolup höwürtgeleýärler. Bir toparyň düzüminde 10-a golaý jübütler bolýar. Gaýalaryň agaçlarynda, kert ýerlerde ýerleşen hinlerde, seýrek ýagdaýda baglaryň köweginde höwürtgeleýärler. Höwürtgelerine adatça 3-5 ýumurtga goýýarlar. Göçüp-gonýan guşlara degişli bolup mart aýynda uçup gelýärler we sentýabr aýynda uçup gidýärler.

     Ýurdumyzyň dag tebigaty baý biodürlilige eýe. Ata-babalarymyzdan bize miras galan bu keremli topragymyzyň her bir jandarlary tebigy hazyna, bu gymmatlyklaryň egsilmezligini gazanmaklyk biziň her birimiziň paýymyza düşýär.

 

Taýýarlan: Selbi MEREDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 2340 okalan

HALK MASLAHATY – DÖWLETLI TUTUMLARA BADALGA

02 Oktýabr 2024 | 119 okalan

BEDEW BADY BILEN ÖZGERÝÄR ÝURDUM

02 Oktýabr 2024 | 1101 okalan

DANALARDAN DÜRDÄNELER