«ÖZÜNI TANAN WELI»

     Durmuşda her hili ýagdaýlar bolýar. Käte biri bilen tersleşen ýa bir düşünişmezlik ýüze çykan halatynda köpimiz öz üstümizden bökäge-de göwne degişen adamymyzyň kemçiliklerini, onuň goýberen ýalňyşlyklaryny seljermäge girişýäris. Özümiz bolsa köplenç halatda günäsiz. Emma ýokarda belleýşimiz ýaly, durmuşda ähli zat isleýşiň ýaly bolup durmaýar. «Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da pikir – filosofiýa bar» diýlişi ýaly, jemgyýetde her kim bilen pikiriň deň gelip durmaýar. Elbetde bu käbir halatlarda adamyň sowatlylyk derejesi bilen bagly bolsa, käbir ýagdaýlarda temperamenti, has takygy aşa gaharjaňlygy sebäpli hem bolup biler. Häzirki zaman dünýä jemgyýeti çeýeligi talap edýär. Diňe çeýelik, diplomatiýa arkaly hereket etmegiň gowy netije berýändigini taryh bireýýäm subut etdi.

     Her dürli ýagdaýda-da, sowukganlylygy saklamak, ýagdaýlara obýektiw baha bermegi başarmak, adamyň intellektual derejesiniň, analitiki pikirleniş ukybynyň ýokarydygynyň alamaty. Ýagdaýa diňe birtaraplaýyn däl-de, köptaraplaýyn, ähli jähetden garamagy, garşyňdakynyň hakyky ýagdaýyna girip bilmek diňe bir meseläniň dogry çözülmegine oňyn täsir etmän, eýsem, şeýle adamyň jemgyýetde eýeleýän ornunyň ep-esli ýokarydygyna şübhe ýok.

     Birki ýyllykda dişim agyryp heläk etdi. «Diş agyrydan ölen ýok» diýip, iki üç gün ýaly üns bermän gezdimem. Emma bolmady. Dişimi görkezeýin diýip golaýda ýerleşýän Saglyk öýleriniň birine bardym. Diş lukman gowy ýigit eken. Dişimiň içiniň mazalyja zaýalanandygyny, eger gatnamagy kyn görmesem arassalap, plomba goýsak gowy boljagyny aýtdy. Razylaşdym. Birki gün ýaly gatnadym, diýişi ýaly edip berdi. Plomba goýduranymdan 2 gün soň kiçijik bir zat gaçan ýaly boldy. Gaharyma öz ýanymdan lukman ýigide igendim. Sebäbi, eşidişime görä plomba diýilýän zat dişiňe gowja seredip ýörseň ep-eslije hyzmat etmelidi. Hili gowy edilen işiň möhletiniň iki gün bolmaly däldigi anyk. Ertesi gün ýene lukman ýigidiň ýanyna bardym. Ýagdaýy aýtdym. Ýigit gördü-de:

     - Dişiňiziň bölejigi döwlüpdir. Beýdip durjak bolsa dişjagazyň daşyna kolonkajyk aýlamaly bolarys. Häzirlikçe bolşuna görä düzedeli, ýene gaçsa kolonka hökman goýmaly bolar diýdi. Men düşünmedim:

     - Ol gaçan näme plomba dälmi?

     -Ýok, plomba ýerinde. Ol entek-entekler gaçmaz. Ýöne dişler ejizleýär diýdi. Köpräk süýt önümlerini iýmegi maslahat berdi. Ýene minnetdarlyk bildirip yzyma gaýtdym.

- Bu wakany süýndürip gürrüň berip oturmagymyň sebäbem ýene esasy tema, ýagny öz üstümden böküp diş lukmana gaharlanmagym. Asyl onuň goýan plombasy üstünden ýyl geçse-de häzirem mizemän dur. Mesele meniň özümde, has dogrusy meniň dişimde eken.

     Şuňa meňzeş ýagdaýlar men jemgyýetde köp duş gelýändir diýip pikir edýärin. Bir sözlemde üç ýalňyş goýberip, soňam makalany çykarmaýandygy üçin öz ýanyňdan redaksiýany köteklemek dogry däl. Oňa derek meseläni özüňden gözläp, zerur bolsa maslahatlaşyp, düşünişip, öz üstüňde tutanýerlilik bilen işläp täzeden gel ýene maksadyňa wepaly bolsaň. Hany onsoň çykarmabilseler çykarmasynlar. Gowy material her kime-de gerek. Ine, kämilligem, ösüşem şunda.

     Gep bu ýerde makalada ýa redaksiýada däl. Bu bir häki mysal. Bu ähli zat babatda-da şeýle. Haýsydyr bir adamdan bir zat talap etmezden öňürti öz ýagdaýymyzy seljermegimiz zerur. Sen hemişe, hemme ýerde «dogry» bolup bilmersiň.

     Biriniň durmuşyny, onuň goýberen ýalňyşlyklaryny, ýa edýän hereketlerini dogry bahalandyrmak üçin onuň geýenje köwşüni geýip geçen ýoluny külterlemeli. Şol ýagdaýa düşen bolsak özümiz nähili çözgütler kabul ederdik, asyl şonça bolup bilerdikmikäk beri?! Şular dogrusynda giňişleýin pikirlenmeli. Ýöne bu diýdigim, göze görnüp duran zada, nähaklyga göz ýummaly diýdigim däl. Bu başga tema. Ikisini garyşdyrmaly däl. Gepiň küle ýeri, ýagdaýa seljerme berlende edil adyl kazy ýaly tarapgöýsiz, berk durmaly. Ýogsam köplenç halatda öz-özüňi aldap günäsizje çykar durarsyň.

     Şu ýerde şu tema bilen bagly ýene bir kiçijik mysal getireýin. Gyz howa menzilinde öz uçuşyna garaşýardy. Uçuş wagty üýtgedilipdi, ýene näçe wagt garaşmaly boljagy belli däldi. Gyz ikirjiňlenip durman golaýdaky magazinden bir gap köke aldy-da uçuşa garaşylýan zalyň çeträginden bir ýere geçdi. Kitabyny açyp okamaga başlady. Ýanyndaky oturgyçda oturan ýigidem žurnala gümrady. Gyz ilkinji kökäni alyp agzyna salanam şol, ýigidem duran kökeden birini agzyna saldy. Gyz muny halamady. Emma syr bildirmedi. Hereket ýene gaýtalandy. Gyz gaharyna bäs gelip bilmese-de hiç zat diýip bilmeýärdi. Her gezek kökä elini ýetirende, yzysüre oglanam bir kökäni agzyna salýardy. Uly aeroportda köke üçin galmagal turzup oturmak elbetde gelşiksizdi.

     Gapda iň soňkyja köke galanda gahardan hum ýaly çiýşip oturan gyz ýigidiň hereketine garaşýardy. Gyzyň pikirini okap oturan ýaly, ýigit göwni bir halda kökäni bölüp ýarysyny gyza uzatdy. Elbetde gyz üçin bu ahyrky çäkdi. Ol gazap bilen turdu-da goşlaryny aldy-da ötägitdi.

     Esli salymdan soň uçuşa çagyryldy. Gyz ýerine geçip ornaşanyndan soň, gulaklygyny almak üçin sumkasyny dörende, açylmadyk gaply kökä gözi düşdi. Kökäni sumkadan çykarmandygy ýadyna düşdi. Edepsiz, gödek hasap eden adamsynyň gaşyny çytmazdan päk ýüreginden öz kökesini paýlaşandygy barada pikirlendi. Göz açyp-ýumasy salymda beýniden geçen bu ýagdaýlar gyzy gaty utandyrdy, şu pursatda ötünç sorap günäsini ýuwmak isledi. Emma giçdi. Uçar eýýäm asuda asmana tarap ugur alypdy.

     Bu bir ýönekeýje mysal. Ýöne durmuşda käbir goýberýän ýalňyşlyklarymyz üçin, ýagdaýy nädogry seljerýänimiz üçin soňky gün ökünmäge mejbur bolýan ýerlerimiz az däl. Hut şeýle ýagdaýlara düşmezlik üçin hem, ilkinji nobatda, özümizi doly tanamagymyz, käte zabunrak hem bolsa, özümize dogry daramagymyz gerek. Pederlerimiz: «Özüni tanan weli» diýip ýöne ýere aýtmandyrlar ahyry.

 

Gurban MYRADOW.

Meňzeş habarlar