HÜNÄR BAÝRAMÇYLYGYNA BAGYŞLANYLDY

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt baştutanlygynda eziz Diýarymyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Şu jähetden, ýakynda «Berkarar döwletim şanly-şöhratly, sagdyn durmuş bilen gadamlar batly» diýen şygar bilen Baýramaly şypahanasynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

     Baýramaly şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de iri jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem-de ruhubelent ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda baýramçylyk ähmiýetli çykyşlara giň orun berildi.

     Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigi we bu ugurda ýokary sepgitlere ýetilýändigi dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Şeýle hem raýatlaryň saglygyny berkitmekleri üçin amatly şertleriň döredilip berilýändigi we saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk, hukuk binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy barada buýsanç bilen bellenildi.

     Soňra maslahata gatnaşyjylar ak ýektaýly lukmanlarymyzy hünär baýramçylygy bilen mähirli gutlap, asuda zamanamyzda eşretli ýaşaýşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Eziz SAPAROW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Baýramaly şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 6212 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 1994 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 1894 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR