WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Golaýda ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, özleri hakynda edilýän aladalary ýaşlaryň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň 40-njy orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir» diýen at bilen geçirilen duşuşyga TMÝG-niň etrap Geňeşiniň işgärleri, işjeň agzalary hem-de şol mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.

     Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we jemgyýetimizde eýeleýän orny, ýaşlar babatynda edilýän aladalar dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Duşuşygyň dowamynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň  2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilişi barada beýan edildi.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlar babatda durmuşda geçirilýän uly işler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

 

Zylyha BAKYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 19 okalan

ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI

08 Iýul 2025 | 14 okalan

ÖSÜŞLI MENZILLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY

08 Iýul 2025 | 15 okalan

SPORT — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY