Düýn Mary myhmanhanasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň guramagynda «Halkyň saglygy – döwlet berkararlygy» ady bilen geçirilen söhbetdeşlik örän täsirli boldy.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler şanly sene mynasybetli gutlag sözlerini beýan edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan ösüşler, ilatymyzyň saglygyny goramak ugrundaky tagallalar dogrusynda aýratyn durup geçdiler.
Işjeň häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň düýpli özgertmelere eýe bolýandygy, soňky ýyllarda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, saglyk öýleriň we keselleri anyklaýyş merkezleriň gurlup ulanmaga berilýändigi we il bähbitli şeýle işleriň üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hem rowaç alýandygy buýsanç bilen bellenildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň eşretli we sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin durmuş ýeňilliklerini döredip berýän Lukman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Annagözel SARYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.