Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem eziz Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalardyr, binalar ösüş-özgerişli ýolumyzyň badynyň ýylsaýyn artýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we dynç alyş merkezlerdir beýleki desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Düýn Mary welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze döwrebap binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi, eziz Diýarymyzda ynsan saglygyny goramaga we saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Mary şäheriniň Togrulbeg köçesiniň ugrunda 4 gatdan ybarat, 2000 inedördül metr meýdany tutýan we ähli amatlyklary özünde jemleýän welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze döwrebap binasynyň açylyş dabarasy saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine özboluşly baýramçylyk sowgady bolup, oňa Mary welaýat häkimliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalaryň, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.
Döwrebap binanyň açylyş dabarasynda çykyş edenler ýygnananlary Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy hem-de täze döwrebap binanyň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Soňra hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirmekde we ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini barha ýokarlandyrmakda badalga berýän tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenýändigini uly joşgun bilen bellediler. Çykyşlarynyň dowamynda ynsan saglygyny goramak hem-de dikeltmek ugrunda yzygiderli aladalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Täze binanyň açylyş dabarasy medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Aýdym-sazlaryň şirinden şirin owazy, tansçylaryň şowhunly çykyşlary ýygnananlarda ýokary ruhubelentligi döretdi.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.