Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan ruhubelent ýaşlar bedenterbiýe we sport bilen içgin gyzyklanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi tarapyndan geçirilýän dürli sport çäreleri we bäsleşikleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.
Şeýle çäreleriň biri, ýaňy-ýakynda Garagum etrabynyň sport mekdebinde hem geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça guralan ýaryş «Sport – sagdynlyga badalga» diýlip atlandyryldy.
Ýaş nesliň sport ussatlyklaryny ýüze çykarmak hem-de olary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen guralan ýaryşa ady agzalan sport mekdebinde tälim alýan okuwçy ýaşlar gatnaşyp, olar guralan ýaryşda 50 metr aralyga ylgamakda bäsleşdiler. Özara guralan ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Oňa gatnaşan ýaş türgenler sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýändiklerini nobatdaky gezek subut etdi.
Gyzykly geçen ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.
Ruhubelent ýagdaýda geçen ýaryşyň dowamynda oňa gatnaşanlar ata Watanymyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulbagt AMANMYRADOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.