ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARY – ÝAŞLARA ÝOL-ÝÖRELGE

     Golaýda şeýle şygar bilen, Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» 18-nji bendini üstünlikli durmuşa geçirmekden ybarat bolup, oňa TMÝG-niň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, bagtyýar ýaşlar hem-de kitaphanaçylar gatnaşdylar.

     Wagyz-nesihat duşuşygynda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan eserleriniň çuňňur many-mazmuna eýedigi we bu eserleriň her biriniň bagtyýar ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülendigi, olar üçin görelde mekdebidigi dogrusynda buýsançly söhbet etdiler. Duşuşygyň dowamynda edilen çykyşlarda Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplarynyň her birinde türkmen halkynyň geçmişiniň we şu gününiň aýdyň şöhlelenýändigi, ajaýyp eserleriň halkymyzyň ruhy hazynasyna öwrülendigi, şeýle hem ruhy şamçyragdygy baradaky pikirler öz giňişleýin beýanyny tapdy.

     Duşuşyga gatnaşanlaryň her biri okamaga, öwrenmäge, yhlasly zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Babajan MUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Türkmengala etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 6212 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 1994 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 1894 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR