Ýaňy-ýakynda şeýle mazmunly şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny dabaraly belläp geçmek hem-de akyldar şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, kitaphana ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen şygryýetiniň zergäri Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy, şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigi, bu bolsa, beýik söz ussadynyň gymmatly mirasy bilen, türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň aýdyň beýanydygy barada giňişleýin bellenildi.
Çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy uly buýsanç bilen okalyp, üstümizdäki ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dabaraly bellenilmeginiň, şahyryň ömrüne we döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygy barada joşgunly gürrüň edildi.
Şeýle hem wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlar akyldar şahyryň baý edebi mirasyny öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Nagmat HÜMMEDOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Wekilbazar etrap Geňeşiniň başlygy.