Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, şol etrabyň 2-nji orta mekdebinde döredilen mekdep muzeýine gezelenç çäresi guraldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň 2-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen gezelenç çäresiniň esasy maksady ýaş nesilleriň taryhy we medeni ýadygärliklerimize bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekden, olaryň arasynda medeni mirasymyzy we halk döredijilik däplerini wagyz etmekden ybarat boldy.
«Milli miras terbiýäniň özeni» ady bilen gurnalan gezelenç çäresine, ady agzalan orta mekdebiň mugallymlary we ýokary synp okuwçy ýaşlary gatnaşdylar.
Ruhubelentlige beslenen gezelenjiň başynda täsirli çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gadymy we baý milli-mirasymyzy öwrenmäge, ony dünýä jemgyýetçiligine ýaýmaga uly mümkinçilikleriň döredilendigi buýsanç bilen bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaş nesillerde ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza, milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak, gadymy gymmatlyklarymyzy ýaşlara açyp görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan guralýan çäreleriň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Soňra bu ýere ýygnananlar ady agzalan orta mekdebiň muzeýine gezelenç etdiler. Muzeýde ýerleşdirilen tapyndylar çärä gatnaşanlaryň her birinde uly täsir galdyryp, olarda taryhymyza hormat, göwünlerinde ruhubelentlik döretdi.
Çäräniň dowamynda milli medeniýetimizi we baý mirasymyzy giňden öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Aknur GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.