Golaýda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alnyp, ýaş nesillerimiziň medeni mirasymyzy öwrenmeklerini, aýawly saklamaklaryny, hormat goýmaklaryny gazanmak maksady bilen Sakarçäge etrabynyň 3-nji orta mekdebinde ýerleşýän muzeýde «Medeni mirasymyza sarpa» ady bilen gezelenç duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi hem-de etrabyň 3-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu gyzykly çärä okuwçy ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşygyň başynda halkymyzyň baý milli mirasyny öwrenmekde hem-de wagyz etmekde muzeýleriň eýeleýän orny barada çykyşlara giň gerim berildi. Muzeýleriň medeni ojaklar hasaplanyp, taryhymyzy, milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy öwrenmekde we geljekki nesillere ýetirmek babatda ähmiýetiniň ýokarydygy dogrusynda bellenip geçildi.
Soňra mekdep okuwçylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hünärmenleri we mugallymlar bilen muzeýe gezelenç etdiler. Olar bu ýerde ýerleşdirilen şekillendiriş we amaly haşam sungatyna degişli ençeme gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk we külalçylyk eserlerini, zergärçilik hem-de haly önümlerini uly höwes bilen synladylar. Bu önümleriň halkymyzyň ynsana, tebigata we mähriban topragymyza söýgüsiniň netijesinde dörändigi we kämilleşip şu günki günlerimize çenli ýetirilendigi barada gezelenç çäresinde buýsançly söhbetler edildi.
Gezelenjiň dowamynda ýaşlar degişli hünärmenler bilen milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, taryhymyz dogrusynda sorag-jogap alyşdylar. Okuwçylaryň beren sowallary olaryň milli medeniýetimiz baradaky giň dünýägaraýşyny şöhlelendirmek bilen ýaşlaryň bu babatda pikirleniş derejesiniň ýokary derejededigini aýdyň görkezdi.
Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýaş nesillerimiziň medeni mirasymyzy öwrenmeklerini, aýawly saklamaklaryny hem-de hormat goýmaklaryny gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Duşuşyga gatnaşyjylar milli medeniýetimizi öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Çynar HOŞGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.